Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT)    

Taryhy 1943-nji ýylda, ýagny Beýik Watançylyk urşy döwründe Tuapseniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň enjamlarynyň göçirilip getirilmeginden gözbaş alýar we şu geçen döwürde kärhanada birnäçe gezek döwrebaplaşdyrmak we onuň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça işler geçirildi.  Esasan hem, Türkmenistan Garaşsyzlygyny yglan edenden soňra zawodlar toplumy düýpgöter özgerip, häzirki wagtda nebiti gaýtadan işlemekde dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň birine öwrüldi. 

 
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit we nebithimiýa önümlerini öndürmek hem-de olary içerki we daşarky bazarlara ýerlemek işlerini alyp barýar.
 
Zawodlar toplumynyň önümçilik desgalarynyň düzümine nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desgalaryň birnäçesi, şeýle-de hem nebiti gaýtadan işlemekligiň çuňlugyny artdyrýan, ýagny nebiti ikinji gezek gaýtadan işleýän desgalar girýär. 
 
ELDAD-HT, katalitiki kreking we riforming, reaktiw hereketlendirijiler üçin ýangyjy arassalaýjy, dizel ýangyjyny gidroarassalaýjy, olefinleri alkilirleýji we ýeňil benzini izomerleýji, polipropilen örtügini önduriji, bitumy, umumy nebit koksuny, gyzdyrylan nebit koksuny öndüriji desgalar, çalgy ýaglaryny öndüriji seh, polipropilen we polipropilen haltalary öndüriji seh kärhananyň esasy tehnologiki ulgamy bolup durýar. Infrastruktura desgalary bolan elektrik toguny öndüriji gazturbina desgasy, deňiz suwuny süýjediji desgalar, bug öndüriji, gaýtadan peýdalanylýan suwy sowadyjy, nasos beketleri, rezerwuar parklary, elektropodstansiýalar we beýleki kömekçi desgalar zawodlar toplumynyň tehnologiki önüm öndürýän desgalarynyň bökdençsiz işini üpjün edýär.
 
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýokary hilli nebit we nebithimiýa önümleri giň ugurlar boýunça, ýagny Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar döwletlerine eksport edilýär.
 
Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji günlerimizden başlap, esasan hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zawodlar toplumynyň önümçiligini kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi. Zawodlar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyryp, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan we dünýäniň ösen ölçeglerine gabat getirmekden, şeýle-de daşky gurşawy goramaga we ekologiýany arassa saklamaga gönükdirilen täze halkara talaplaryny doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Zawodlar toplumyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak işleri ýurdumyzy ösdürmegiň milli maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
 
1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmaklyga daşary ýurt kompaniýalaryny giňden çekmek üçin amatly şertleri döretdi. Netijede “UOP A Honeywell Company”, “Axens IFP Group Technologies”, “BASELL POLYOLEFINS”, “DuPont-STRATCO®”, “Chiyoda”, “ТЕCHNIP”, “JGC Corporation”, “LG International Corp.”, “Hyundai Engineering Co., LTD” we beýleki dünýä belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işini kämilleşdirmek üçin täze, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, toplumyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
 
Adres: Türkmenistan, Türkmenbaşy ş, 745005.

 

Telefon:

 

  • +993 (243) 96 2 00;  
  • +993 (243) 96 4 00.

Faks:

  • +993 (243) 5 04 90; 
  • +993 (243) 2 11 49.

E-mail: tngizt@tngizt.gov.tm